“TEKNOFEST Stambul” açyldy

Türkiýäniň esasy tehnologiýa sergisi “TEKNOFEST Stambul” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly şu gün açyldy

17 Ekim 2019 15:26

“TEKNOFEST Stambulyň” 2-njisi sentýabr aýynyň 17-23-si aralygynda Atatürk adyndaky howa menzilinde geçiriler.

Festiwalyň esasy bölegini emele getirýän bäsleşikleriň final bölümlerinden soň baýrakly orunlary eýelänlere sylaglary gowşurylar. Baýrakly orunlary eýelanlere şu ýyl jemi 3 million liradan gowrak sowgatlar beriler.

“TEKNOFEST Stambulyň” çäginde şu ýyl Adamzadyň bähbidi üçin tehnologiýa, Emeli zehin, Sürüjisiz suwasty ulgamlary, Uçýan ulag dizaýny, Uçarmansyz howa ulaglary ýaly temalarda 19 bäsleşik geçirildi. şol bäsleşiklere 122 ýurtdan we Türkiýäniň 81 welaýatyndan jemi 17,373 topar we 50 müň höwesjeň gatnaşdy. Bäsleşikleriň finallarynda 2 müňe golaý topar we 10 müň finalist ýaryşmaga hukuk gazandy.

Ylmy we amaly ussahanalary öz içine alýan festiwalda “Kosmos ulaglary”, Prehistorik döwrden galanlar”, “Raketamy dizaýn edýärin”, “Nagyşly ganatlar”, “Awiasiýa we älem giňişligi”, “Nanotehnologiýa”, “Energetika tehnologiýalary”, “Elektroniki meýilleşdiriş”, “Robotiki kodlaýyş”, “Mobil tejribeler we maksatnama düzmek” ugurlarynda tejribe işleri guralar.

“World Drone Cup” bäsleşiginiň çäginde köp sanly ýurtdan gatnaşyjyny duşuşdyrjak festiwalda söweşiji dron görkezlişleri guralar.

Festiwalda “Solo Türk”, “Türk ýyldyzlary”, Russiýadan Su-30, Su-35, MC-21 ýoylagçy we ýangyn söndüriji uçarlary, Guryýer güýçleriniň serkerdeliginiň, İçeri işler müdirliginiň, Žandarm serkerdeliginiň inwentaryndaky awiaulaglar we Redbull uçuş görkezlişlerini amala aşyrar. Festiwalyň statiki meýdanynda sergilenjek howa ulaglarynyň arasynda Antonow AN-178 kysymly uçar hem bar.

Paraşutly görkezlişler bilen dowam etjek festiwalda konsertler beriler.