Tokio olimpiadalary 124 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek koronawirus sebäpli yza süýşürildi

Tokio olimpiada oýunlary 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 23-i bilen awgust aýynyň 8-i aralygynda geçirler

1387291
Tokio olimpiadalary 124 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek koronawirus sebäpli yza süýşürildi

 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirlen Tokio olimpiada oýunlary 1 ýyl yza süýşürildi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe, olimpiada komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirlen gepleşiklerden soň, olimpiada oýunlarynyň 1 ýyl yza süýşürlendigini habar beripdi.

I we II jahan urşy ýyllarynda oýunlar bes edilipdi, emma guramaçylyk 124 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek yza süýşürildi

Tokio olimpiada oýunlary 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 23-i bilen awgust aýynyň 8-i aralygynda geçirler.


Etiketkalar: #olimpiada , #Ýaponiýa , #Tokio

Degişli Habarlar