Türkiýäniň Ejzajybaşy Witra zenan woleýbol topary dünýä 3-njisi boldy

Halkara Woleýbol federasiýasynyň Zenanlar Dünýä klublary Woleýbol çempionatynda Türkiýäniň Ejzajybaşy Witra woleýbol topary, Braziliýanyň topary Praiany 3-0 hasabynda ýeňip, dünýäde 3-nji oruny eýeledi

1103337
Türkiýäniň Ejzajybaşy Witra zenan woleýbol topary dünýä 3-njisi boldy

Turnirde 2015 we 2016-njy ýyllarda çempion bolan Ejzajybaşy Witra woleýbol topary, örän gowy oýnap, duşuşykda garşydaşy Praiany 25-16, 25-18 we 25-19-lyk görkezijiler bilen 3-0 hasabynda üstin çykyp, bürünç medala eýe boldy.


Etiketkalar: #woleýbol , #zenan , #topar , #dünýä

Degişli Habarlar