Türkiýäniň ýygyndysy Ýewropa Çempionatynda oýnamaga hukuk gazandy

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy 5-nji gezek Ýewropa Çempionatynda oýnamaga hukuk gazandy

1307138
Türkiýäniň ýygyndysy Ýewropa Çempionatynda oýnamaga hukuk gazandy
thumbs_b_c_9f2434769a53ce59008dd336ea9e0eb4.jpg
thumbs_b_c_01e91d87db4d979d5ce45f23374a48eb.jpg
Burak Yilmaz_2019_New folder_e1dd82f3-83b9-42e5-a966-f528af1982f822.jpg
Burak Yilmaz_2019_New folder_5271c6d9-ef12-4d5b-a87c-ac3ace217b95.jpg
Burak Yilmaz_2019_ekim_7297389c-e542-4fd1-b7cb-6288b1b348d1.jpg

EURO 2020-e gatnaşmak üçin 1 bala zerurlygy bolan Türkiýäniň ýygyndysy, Islandiýanyň ýygyndysy bilen deňme-deň galdy we Ýewropa Çempionatynda oýnamaga hukuk gazandy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bolsa, bu taryhy pursatda ýygyndy futbol komandany ýalňyz goýmady.

Erdogan taryhy duşuşyga tribundan tomaşa etdi.

EURO 2020-niň saýlama oýunlarynyň H toparynyň 9-njy oýnunda öz meýdançasynda Islandiýanyň ýygyndysy bilen deňme-deň galyp, EURO 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanan Türkiýäniň ýygyndysynyň ruhy galkyndy.

Türkiýäniň ýygyndysynyň bolan toparynda Fransiýa öz meýdançasynda Moldawiýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňip, toparyň lideri boldy.

Bu ýagdaýda bolsa topary haýsy ýygyndynyň lider bolup tamamlajakdygy, şu hepde geçiriljek duşuşyklaryň netijesi boýunça belli bolar.

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy soňky duşuşygyny 17-nji noýabrda ýekşenbe güni garşydaş ýygyndynyň öýünde Andorra bilen geçirer.

Türkiýäniň ýygyndysynyň EURO 2020-däki garşydaşlarynyň kim boljakdygy 30-njy noýabrda şenbe güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:00-da Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçiriljek bije çekilşikde mälim bolar.

Ýewropa Çempionaty 2020-nji ýylyň 12-nji iýun-12-nji iýul aralygynda Ýewropanyň 12 ýurdyndaky 12 şäherinde geçiriler.

Çempionatyň ýarym final we final duşuşyklary Britaniýanyň paýtagty Londondaky Wembleý stadionynda geçiriler.


Etiketkalar: #EURO 2020 , #futbol , #Türkiýe

Degişli Habarlar