Türkiýe 2013-nji ýyldan bäri 26,5 million elektron wiza berdi

Elektron wiza üçin 29,8 million adam ýüz tutdy

1103924
Türkiýe 2013-nji ýyldan bäri 26,5 million elektron wiza berdi

Elektron wiza üçin ýüz tutanlaryň sany bolsa 29,8 million adam

Gümrük geçelgelerindäki we howa menzillerindäki uzyn nobatlaryň öňüni almak üçin iş ýüzüne geçirilen Elektron wiza ýüz tutma ulgamynyň başlan güni bolan 2013-nji ýylyň 17-nji aprelinden bäri 29,8 million ýüz tutmadan 26,5 milliona golaý adama elektron wiza berildi.

Türkiýe ulgamyň ulanylmaga başlan gününden bäri elektron wizadan 605,251 887 dollar girdeji gazandy.

Şol möhletde ulgamdan peýdalanýan esasy ýurtlaryň hatarynda 7,4 million bilen Britaniýa birinji, 3,3 million bilen Yrak ikinji we 2,6 million bilen Gollandiýa üçünji orny eýeledi.

106 ýurduň raýatlary tarapyndan peýdalanylýan elektron wiza ulgamyndan 9 dilde ýüz tutulyp we 3 minudyň dowamynda e-wiza alynyp bilinýär.



Degişli Habarlar