Türkiýe Iňlisleriň Täze Dynç Alyş Merkezine Öwrüldi

Antalýa, Dalamana we Stambula isleg ýokary

1493343
Türkiýe Iňlisleriň Täze Dynç Alyş Merkezine Öwrüldi

Dyç alyş mümkinçiliklerini deňeşdirmeli häsýetde hödürleýän “TrawelSupermarket-iň” görkezijilerine görä sentýabr we oktýabr aýlary üçin geçirilen barlaglaryň 30 göteriminde Türkiýä isleg bildirildi.

Saýtda geçirilen sowalnamalarda birinji üçlükde Antalýa we etraplary, Dalaman we etraplary bilen Stambula orun berilýär.

Türkiýedäki şol ýerlerden soň grek adalary Korfu we Rodos bilen İtaliýanyň paýtagty Rim we Kipr adasy ünsleri özünde jemleýär.

“Express” gazetine beýannama beren “TrawelSupermarket-iň” resmisi Emma Kulturstatyň aýtmagyna görä Türkiýe hem howa şertleri hem-de ýurda gelýän syýahatçylara çäklendirme goýmaýandygy sebäpli meşhur boldy.



Degişli Habarlar