Türkiýe Lyža Merkezlerini Açmaga Taýarlanýar

Erzurum Palandöken, Kaýseri Erjiýes we Bursa Uludag lyža merkezleri dekabr aýynda syýahatçylyk möwsümini açmaga taýarlanýar

1536773
Türkiýe Lyža Merkezlerini Açmaga Taýarlanýar

Türkiýäniň belli lyža destinasiýalaryndan Erzurum Palandöken, Kaýseri Erjiýes we Bursa Uludag lyža merkezleri dekabr aýynda syýahatçylyk möwsümini açmaga taýarlanýar

Koronawirusa garşy görülen çäreleriň çäginde “Howpsyz Syýahatçylyk Şahagatnamasyny” alan we ähli saglyk çärelerini gören desgalar, pandemiýa döwründäki durgunlykdan ýerlikli peýdalanmak üçin taýarlyklaryny dowam etdirýärler.

Ýewropada günsaýyn artýan hassalyga garşy göreşmek üçin Şweýsariýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly lyža destinasiýalaryndaky ýurtlar howa gatnawyny ýapandygy sebäpli Russiýadaky we Ukrainadaky syýahatçy gulluklary ugruny Türkiýä gönükdirdi.

Ukrainadan we Russiýadan ýokary derejede isleg bildiriken Erzurum Palandöken lyža merkezi 4-nji dekabrda açylar.

27-nji dekabrdan başlap hepdede üç gezek gönüden uçuş bilen Ukrainadan we Russiýadan Erzuruma gelinmegi meýilleşdirilýär.

Aýratyna iki ýurtdan hepdede 2-3 uçaryň Bursa gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar