Türkiýe Rallisiniň ýeňijisi Elfin Ewans boldy

2020 FIA Bütindünýä Ralli çempionatynyň 5-nji tapgyry bolan Türkiýe Rallisinde, Beýik Britaniýaly sürüji Elfin Ewans 1-nji oruna mynasyp boldy

1494027
Türkiýe Rallisiniň ýeňijisi Elfin Ewans boldy

Türkiýe Rallisi, 19 ýurtdan 130 türgeniň we 65 awtoulagyň gatnaşmagynda 18-20-nji sentýabr aralygynda Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynda geçirildi. 

Sürüjiler jemi uzynlygy 707 km bolan 12 ýörite etaby geçip, pellehana 1-nji barmak üçin özara ýaryşdylar. 

Beýik Britaniýaly Rad Bull sürüjisi Elfin Ewans, garşydaşlaryndan öňe geçip, 2 sagat 43 minut 2,7 sekunt dereje bilen pellehana 1-nji bolup bardy. 

Ýaryşyň 2-nji bolsa 2 sagat 43 minut 37,9 dereje bilen Belgiýaly Týerri Newil, 3-nji bolsa 2 minut 44 minut 02,1 dereje bilen Fransiýaly Sebastian Loeb boldy. 

2020 FIA Bütindünýä Ralli çempionatynyň 5-nji tapgyry bolan Türkiýe Rallisinde ilkinji 5-lige giren sürüjiler: 


1- Elfin Ewans: 2.43.02.7 

2- Týerri Newil: 2.43.37.9 

3- Sebastian Loeb: 2.44.02.1 

4- Kalle Rowanpera : 2.45.38.6 

5- Gus Greensmith: 2.47.11.0.38 



Degişli Habarlar