Türkiýede 451 muzeý bar

Muzeýleri we taryhy ýerleri gezip görenlerin sany 28 million 169 müň 615 adama ýetdi

1277038
Türkiýede 451 muzeý bar

 

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, muzeýleriň sany  geçen ýyl 3 göterim artyp 451-e ýetdi.

Muzeýleri we taryhy ýerleri gezip görenlerin sany 37,3 göterim artyp 28 million 169 müň 615 adama ýetdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2018-nji ýylyň Medeni miras görkezijilerini çap etdi.

Görkezijilere görä, Türkiýedäki muzeýleriň sany geçen 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim artyp 451-e ýetdi.

Şol muzeýleriň 200-y Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň çäginde, 215-i bolsa hususy muzeý kategoriýasynda ýer alýar

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine bagly muzeýlerdäki eserleriň sany, geçen ýyl 1 göterim artyp 3 million 337 müň 766-a ýetdi.

Ministrlige bagly muzeýleri we taryhy ýerleri gezip görenlerin sany hem geçen ýyl 37,3 göterim artyp 28 million 169 müň 615 adama ýetdi.

 

 

 



Degişli Habarlar