TÜRKSOÝ guramasyndan TRT-nyň Baş müdürine sylag

TRT-nyň Baş müdüri Ibrahim Eren, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan "Türk dünýäsiniň medeni taýdan jebisleşmegine goşýan goşandy" sebäpli, "Çingiz Aýtmatow Altyn medaly" sylagyna laýyk görüldi

1375013
TÜRKSOÝ guramasyndan TRT-nyň Baş müdürine sylag

TRT-nyň Baş müdüri Ibrahim Eren, TÜRKSOÝ guramasynda geçirilen dabarada eden çykyşynda, özüniň bular ýaly sylag bilen sylaglandyrylmagyna buýsanýandygyny we hoşaldygyny beýan etdi.  

TRT hökmünde, SSSR-yň dargan ýyly bolan 1990-njy ýyllaryň başyndan başlap, Türkistan we Türk-Yslam geografiýasynda wekilhanalar açandygyny aýdan Eren, TRT-nyň bu ýerlere edýän goşantlarynyň guramanyň esasy wezipelerininiň biridigini habar berdi. 

Soňky ýyllarda 14 telewideniýe kanaly we 16 radio kanaly bilen TRT-nyň dünýä derejesinde uly bir ýaýlym organyna öwrülendigini aýdan Eren, TRT Awaz kanalynyň bolsa esaslandyrylan gününden bäri Türk dünýäsine goşant goşmagy esasy wezipehökmünde saýlandygyny aýan etdi. 

TRT bilen edýän hyzmatdaşlygy bilen TÜRKSOÝ guramasynyň Türk dünýäsiniň diline, medeniýetine we sungatyna edýän goşantlarynyň ummansyzdygyny aýdan Eren: "Türkistan geografiýasy bilen Anadolynyň gatnaşygyny ýaňadandan janlandyrmak we güýçlendirmek maksady bilen gepleşikler, seriallar we dokumental fimler taýarladyk we mundan soň hem taýarlamaga dowam ederis" diýip habar berdi. 

Çykyşyndan soň TÜRKSOÝ guramasynyň başlygy Düsen Kaseinow, Ibrahim Erene medal we Çengiz Aýtmatowyň albomyny gowşurdy. 


Etiketkalar: #TÜRKSOÝ , #Ibrahim Eren , #TRT

Degişli Habarlar