Üç Milli Türgen Final Bäsleşigine Gatnaşar

Soner Demirtaş, Süleýman Karadeňiz we Kerem Kamal final bäsleşigine gatnaşar

1591747
Üç Milli Türgen Final Bäsleşigine Gatnaşar

Ukrainada geçirlen Halkara Göreş bäsleşiginde üç milli türgen final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýe Göreş federassiýasyndan berlen beýannamada, erkin göreş boýunça 74 kilogram agyrlykda Soner Demirtaş we 97 kilogram agyrlykda Süleýman Karadeňiz bilen grek-rim göreşi boýunça 63 kilogram agyrlykda Kerem Kamalyň final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanandygy nygtaldy.

Ertir geçiriljek final bäsleşiginde Soner Demirtaş Eýranly Firouzpourba, Süleýman Karadeniz Ukrainaly Waleri Andretisew, Kerem Kamal bolsa Gruziýaly Leri Abuladze bilen bäsleşer.


Etiketkalar: #Ukraina , #bäsleşik , #göreş

Degişli Habarlar