Ýewropaly syýahatçylar ýaňadandan Türkiýä gönükdi

S"yýahatçylyk  möwsümine 40 milliard dollar we 50 million syýahatçy maksady bilen başlarys"

1143005
Ýewropaly syýahatçylar ýaňadandan Türkiýä gönükdi

Türkiýäniň Syýahat Agentlikleri birleşmesiniň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Firuz Baglykaýa, Ýewropaly syýahatçylaryň ýaňadandan Türkiýä gönügendiklerini aýtdy.

Baglykaýa daşary ýurtly has köp syýahatçynyň gelmegi üçin degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Syýahatçylyk pudagy hökmünde 2018-nji ýylda rekord goýandyklaryny aýdan Baglykaýa, şu ýyl hem syýahatçylykda rekord goýmagy maksat edinýändiklerini nygtady.

Baglykaýa syýahatçylyk  möwsümine 40 milliard dollar we 50 million syýahatçy maksady bilen başlajakdyklaryna ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar