"Ýurdumyza buýsançy pursatlary başdan geçirden woleýbolçy gyzlary mähirli gutalaýaryn”

Woleýbolçy gyzlar taryhynda ikinji gezek olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazandy

1339390
"Ýurdumyza buýsançy pursatlary başdan geçirden woleýbolçy gyzlary mähirli gutalaýaryn”

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 2020 Tokio olimpiada oýunlarynyň Ýewropa boýunça seçip alyş bäsleşikleriniň soňky tapgyrynda Germaniýa bilen bäsleşdi

Final bäsleşiginde bäsdeşi Germaniýany 3-0 hasabynda ýeňmegi başaran Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Tokio olimpiada oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Gollandiýanyň Apeldoorn şäherinde geçirlen bäsleşikde bäsdeşini 3-0 hasabyn ýeňen woleýbolçy gyzlar taryhynda ikinji gezek olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazandy.

Prezident R. T. Erdogan Twitter arkaly woleýbolçy gyzlary gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasyny gutlan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop hem “Ýurdumyza buýsançy pursatlary başdan geçirden woleýbolçy gyzlary mähirli gutalaýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar