Woleýbolçy Gyzlar Ertir Germaniýa we Günorta Koreýa Bilen Bäsleşer

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIWB Milletler ligasyndaky 6 bäsleşiginiň 3-de uly üstünlik gazandy.

1845193
Woleýbolçy Gyzlar Ertir Germaniýa we Günorta Koreýa Bilen Bäsleşer

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIWB Milletler ligasynda, Braziliýada geçirilýän ikinji hepde etabynyň çäginde ertir Germaniýa we Günorta Koreýa bilen bäsleşer.

Woleýbolçy gyzlar ikinji hepde etabynyň ününji bäsleşigini Türkiýe wagty bilen 00.0da Germaniýa bilen geçirer.

Aý-ýyldyzly topar, ikinji hepde etabynyň dördünji we soňky bäsleşigini bolsa Türkiýe wagty bilen 22.00-da Günorta Koreýa bilen geçirer.

Nilson Nelson sport zalynda geçiriljek iki bäsleşik hem TRT Spor kanaly arkaly ýaýlyma berler.

Düýn ikinji bäsleşiginde Serbiýany 3-2 hasabydna ýeňen Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIWB Milletler ligasyndaky 6 bäsleşiginiň 3-de uly üstünlik gazandy.

 

 

 


Etiketkalar: #zenan , #bäsleşik , #woleýbol

Degişli Habarlar