Woleýbolçy Gyzlar, Günorta Koreýany 3-1 Hasabynda Ýeňdi

Milletler ligasynyň üçünji hepde bäsleşiklerine Kanada, final bäsleşiklerine bolsa Ankara ýer eýeçiligini eder.

1845518
Woleýbolçy Gyzlar, Günorta Koreýany 3-1 Hasabynda Ýeňdi

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Milletler ligasynyň Braziliýadaky soňky bäsleşigini Günorta Koreýa bilen geçirdi.

Nilson Nelson stadionynda geçirlen bäsleşigiň birinji tapgyrynda Günorta Koreýa 25-20 hasabynda üstünlik gazandy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy bolsa bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bäsdeşini 25-13, üçünji tapgyryny 25-19 we dördünji tapgyryny bolsa 25-15 hasabynda utdy.

Woleýbolçy gyzlar şeýlelikde bäsdeşini 3-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Milletler ligasynyň üçünji hepde bäsleşiklerine Kanada, final bäsleşiklerine bolsa Ankara ýer eýeçiligini eder.



Degişli Habarlar