2025-nji ýyldan soň angardan her aý 2 hürjet uçary çykarylar
Milli tälim we ýeňil söweşjeň uçary Hürjet uçarynyň 2025-nji ýyldan soň her aý 2 sanysynyň öndürilmäge başlanjakdygy habar berildi
Türk awiasia we älem giňişligi senagaty AŞ edarasynyň (TUSAŞ) Baş müdüri Temel Kotil, Hürjet taslamasy bilen bagly maglumat berdi.
Hürjet uçarynyň prototiplerini ýasandyklaryny, 1-2 aýyň içinde uçary dolulygyna görkezip biljekdiklerini aýdan Kotil: "Hürjet 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar" diýip mälim etdi.
Hürjet taslamasyny Milli harby uçaryň öňüne goýandyklaryny aýdan Kotil, ol ýerde öwrenilenleri milli harby uçara geçirjekdiklerini beýan etdi.
2025-nji ýyldan soň her aý 2 Hürjet uçaryny angardan çykarjakdyklaryny aýdan Kotil, Hürjetiň bäsdeşlerine garşy iň gowy tehnologiýalaryň özgerdilip öndürilendigini habar berdi.
Degişli Habarlar
Müsüriň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi bilen Stambul şäherinde duşuşar.
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.