“ABŞ FETÖ-niň ýolbaşçysyny ýurdundan çykarsyn we dostlugyny göreli"

rdogan hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

1146426
“ABŞ  FETÖ-niň ýolbaşçysyny ýurdundan çykarsyn we dostlugyny göreli"

Prezident R. T. Erdogan hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Erdogan ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysyny yzyna bermek bilen dostlugyny görkezmelidigini aýtdy.

Prezident Erdogan beýanatynda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri FETÖ-niň ýolbaşçysyna ABŞ howandarlyk etmegine garşylyk görkezdi.

“Ýurdumyzda FETÖ bilen arabaglanşykly birnäçe karar kabul edildi we biz ABŞ-na FETÖ bilen arabaglanşykly 85 delo ugratdyk” diýen Erdogan “ABŞ FETÖ-niň ýolbaşçysyny ýurdundan çykarsyn we dostlugyny göreli. Bu mesele biziň ABŞ bilen aramyzdaky dartgynlygy artdyrýar” diýip belledi.

1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar sebäpli Türkiýä töhmet atan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona hem berk garşylyk görkezen Erdogan, Fransiýanyň eden gyrgynçylyklaryny ýeke-ýekeden gürrüň berdi.

Makrona “Taryhyňy öwren” diýen Erdogan “Makron sen syýasata ýaňy başladyň. Ben saňa taryh dersini berýärin. Sen ilki taryhyňyzy öwren. Biziň taryhymyzdan gyrgynçylyk ýok. Ermeniler biziň ýurdumyzda asla gyrgynçylyga sezewar bolmady we häzirki wagtda 100 müň ermeni watandaşymyz bar” diýdi.

Prezident Erdogan saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty meselesinde halkara derejesinde derňew işiniň gozgalmagy barada ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar