ABŞ-nyň Goranmak Ministrliginiň Wekiliýeti Türkiýä Geler

Wekiliýet Hamid Kerzeý howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hakynda pikir alyşar

1662651
ABŞ-nyň Goranmak Ministrliginiň Wekiliýeti Türkiýä Geler

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden tehniki wekiliýet Owganystandaky halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hakynda pikir alyşmak üçin penşenbe güni Türkiýä geler.

Milli goranmak ministrliginden alynan maglumata görä ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň tehniki wekiliýetiniň Owganystandaky halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hakynda pikir alyşmak üçin penşenbe güni Türkiýä gelmegine garaşylýar.

Milli goranmak ministrliginiň resmileri bilen duşuşjak wekiliýetiň mesele boýunça giňişleýin pikir alyşmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýe NATO-nyň Ygrarly Goldaw Missiýasynyň çäginde Owganystandaky halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň dolanşygyny 6 ýyldan bäri ýerine ýetirýär.



Degişli Habarlar