"Adam hukuklaryny dillerinden düşürmeýän Günbatarly ýurtlar Fransiýadaky wakalary bolsa görmeýär"

Prezident Erdogan Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni mynasibetli geçirlen “Adamzat medeniýeti” atly maslahatda çykyş etdi

1104056
"Adam hukuklaryny dillerinden düşürmeýän Günbatarly ýurtlar Fransiýadaky wakalary bolsa görmeýär"

Prezident R. T. Erdogan adam hukuklaryny dillerinden düşürmeýän Günbatarly ýurtlaryň, Fransiýadaky protest ýörişlerini we howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmagyny bolsa görmeýändigini aýtdy.

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi jaýynda Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni mynasibetli geçirlen “Adamzat medeniýeti” atly maslahatda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda 2013-nji ýylda başdan geçirlen Gezi seýilgähi wakalarynda daşky gurşaw bahanasy bilen köçeler ýakylyp ýykylýarka adam hukuklaryny goranlaryň şu günki günde Fransiýada başdan geçirilýän protest ýörişlerinde bolsa dymmagy saýlap alandyklaryny nygtady.

“Gezi wakalarynda dünýäni aýaga galdyrdyňyz” diýen Erdogan “Fransiýadaky wakalary bolsa näme üçin görmeýärsiňiz”diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýä millionlarça bosgun gelýärkä, bizi serhetlerimizi açmaga çagyranlar, öz serhetlerinde diwar örmek bilen berk çäre gördüler, eýsem adam hukuklaryny goldaýanlar bizmi ýada olar?” diýip sorady.

“Hiç kim ýurdumyza demokratiýa, adam hukuklary we azatlyklary dersini berip bilmez” diýen Erdogan “Biz 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyna görkezen garşylygymyz we millionlarça bosguny myhman almak bilen adam hukuklaryna goldaw berýändigimizi görkezdik” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar