" Alla ýaryňyz, burawlaryş işleriňiz bereketli bolsun"

Prezident Erdogan, Garadeňizde burawlaýyş işlerine başlamak üçin ýola çykan “Fatih” burawlaýyş gämisini ugratdy

1426045
" Alla ýaryňyz, burawlaryş işleriňiz bereketli bolsun"

 

Prezident R. T. Erdogan, Garadeňizde burawlaýyş işlerine başlamak üçin ýola çykan “Fatih” burawlaýyş gämisini ugratdy.

Türkiýäniň ilkinji ýerli burawlaýyş gämisi “Fatih” Garadeňizde burawlaýyş işlerini geçirmek üçin Stambulyň, Osman imperatory Fatih Soltan Mehmet tarapyndan zabt edilen gününiň 567 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabaralaryň çäginde ýola çykdy.

Prezident Erdogan, Kenarýaka howpsyzlyk gämisinden “Fatih” burawlaýyş gämisini ugratdy.

Prezident Erdogan gämidikilere “Garadeňiz ýolagçylygyňyz düşümli bolsun. Alla ýaryňyz, burawlaryş işleriňiz bereketli bolsun. Ýoluňyz açyk bolsun, Alla sizi bela beterden gorasyn, sag aman gidip geliň” diýip ýüzlendi.



Degişli Habarlar