Altun Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşmekde ygrarlydygyny beýan etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşmekde ygrarlydygyny nygtady

1287380
Altun Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşmekde ygrarlydygyny beýan etdi

Altun Twitter arkaly beren habarnamasynda; “Türkiýe DAİŞ-e garşy göreşi dowam etdirmäge gönükdi we ygrarly, şol bir wagtda-da gorkak terrorçylara garşy söweşmäge özüni bagşeden ýurt. DAİŞ Türkiýä duşmandyr we doly ýok edilýänçä olar bilen söweşmekden el çekmeris” diýip ýazdy.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň DAİŞ-e garşy sözün doly manysynda göreşen ýeke-täk döwletdigini beýan edip: “Henizem Siriýada ornaşan DAİŞ terrorçylary meselesinde ähli jogapkärçiligi almaga taýardygymyzy nygtap, aýdasym gelýär” diýipdi.



Degişli Habarlar