Batmanda “Eren Gyş-15” Operasiýasy Başladyldy

“Eren Gyş” operasiýalarynyň halkyň goldaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi ýatladyldy.

1763915
Batmanda “Eren Gyş-15” Operasiýasy Başladyldy

Batman welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy “Eren Gyş-15” Batman-Zori şehit esger Fatih Tekdogan operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, sebitdäki terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, hüjüm taýarlyklarynyň öňüni almak we sebitiň asudalygynyň we durnuklylygynyň goralyp saklanmagy maksady bilen başladylan operasiýa 1440 hünärmeniň gatnaşýandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýurduň içinde terroryň dolulygyna gün tertibinden çykarylmagy üçin guralýan “Eren Gyş” operasiýalarynyň halkyň goldaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar