“Biziň taryhymyzda gyrgynçylyk ýok”

Fahrettin Altun 24-nji apreli hatyralama güni hökmünde yglan eden Fransiýa berk garşylyk görkezdi

1146454
“Biziň taryhymyzda gyrgynçylyk ýok”

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar bilen arabaglanşykly 24-nji apreli hatyralama güni hökmünde yglan eden Fransiýa berk garşylyk görkezdi.

Fahrettin Altun, Prezident R. T. Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň töhmetlerine, fransuz taryhynda başdan geçirlen gyrgynçylyklary gürrüň bermek bilen jogap berendgini ýatlatdy.

“Biziň taryhymyzda gyrgynçylyk ýok” diýen Altun “Taryh bilen ýüzleşmek barada gürrüň edýän Makron ilki ýurdunuň Beninde, Gabonda, Tunisde, Senegalda we Çatda adamzada garşy eden jenaýatlaryna ser salsyn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar