Çawuşogly daşary ýurtlarda ýogalan türk raýatlar bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, daşary ýurtlarda 32 türk taýatyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalandygyny habar berdi

1384791
Çawuşogly daşary ýurtlarda ýogalan türk raýatlar bilen bagly beýanat berdi

Daşary ýurtlardan getirilen türkler bilen baglanşykly soňky ýagdaý barada ýurdyň paýtagty Ankarada maglumat beren Mewlüt Çawuşogly, soňky gezek bolsa 11 uçar bilen 8 ýurtdan 2 mň 721 talybyň Türkiýä getirilip karantin astyna alynandygyny mälim etdi. 

Daşary ýurtlarda 32 türk raýatyň koronawirus sebäpli ýogalandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, ýogalanlaryň jynazalarynyň Türkiýä getiriljekdigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, käbir daşary ýurtlara iberilen lukmançylyk enjamlary bilen baglanşykly bolsa, 69 ýurtdan lukmançylyk enjamlar bilen bagly talabyň bildirilendigini we 17 ýurtda ugradandyklaryny beýan etdi. 

Ispaniýanyň Daşary işler ministri bilen söhbetdeşlik geçirendigini we Türkiýeden maska talap edendiklerini aýdan Çawuşogly, lukmançylyk enjamlary bilen baglanşykly bolsa: "Halkara jemgyýet hemişekiden has köp hyzmatdaşlyk içinde bolmaly" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly şeýle hem: "Döwlet hökmünde biz öz üstümize düşenini edýäris, howsala düşmäliň, bu etabyň hötdesinden belelikde geleris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar