Çawuşogly käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhebetdeşliginiň düzümi bilen bagly bolsa maglumat berilmedi

1385531
Çawuşogly käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, düýn Serbiýanyň Daşary işler ministri Iwisa Daçiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly bilen Iwisa Daçiç telefon arkaly söhbetdeş boldylar. 

Ministr Çawuşogly düýn mundan başgada Alžiriň Daşary işler ministri Sabri Boukadoum we Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly Bolgariýanyň Daşary işler ministri Ýekaterina Zahariýewa bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly bolgar kärdeşi Zahariýewa bilen birlikde Tunisiň Daşary işler ministri Nureddin Er-Raý we Polşanyň Daşary işler ministri Yasek Çaputowiç bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhebetdeşliginiň düzümi bilen bagly bolsa maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar