Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Ysraýylda Saparda Bolýar

Iki kärdeş özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi.

1832391
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Ysraýylda Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ysraýyla guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Lapid bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi.

Ysraýyl bilen tapawutly garaýşa eýediklerine garamazdan gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň netijeli boljakdygyny nygtan Çawuşogly, “Özara sylag-hormada esaslanýan gepleşikler diňe iki taraply gatnaşyklarymyz üçin däl, eýsem şol bir wagtda sebitimiziň parahatçylygy taýdan hem peýdaly bolar” diýdi.

Çawuşogly, Ysraýylly kärdeşi bilen bolan duşuşygynda sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşandyklaryny nygtap, “ Düşnüşmezliklerimiz gepleşik arkaly çözülip bilner. Hakykatdan hem remezan aýynyň başynda prezidentlerimiz derejesinde geçirlen duşuşyk, durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin edilýän tagallalara goşant goşdy” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen ministrlikleriň we degişli guramalaryň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy meselesinde şol bir garaýşa eýediklerini nygtady.

Geografik ýakynlygyň Türkiýe bilen Ysraýyly tebigy söwda hyzmatdaşy ýagdaýyna getirendigini nygtan Çawuşogly, “Türkiýe bilen Ysraýyl söwda taýdan gatnaşyk edýän 10 ýurduň hatarynda ýer alýar. Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan söwda gatnaşyklarymyz gün saýyn ösýär” diýdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri hem “Jenap ministr bilen ykdysady gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi üçin bilelikdäki ykdysady komissiýanyň ýaňadandan öz işine başlamagy meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar