Dünýä Liderleri Erdogana Duýgudaşlyk Bildirýär

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä, 12 adam ýogaldy, 419 adam hem ýaralandy

1519021
Dünýä Liderleri Erdogana Duýgudaşlyk Bildirýär

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Izmirde bolan ýer titremesi sebäpli Prezident R. T. Erdogana telefon edip gynanç bildirdi.

Tatar, Kipr türk halkynyň hemişe bolşy ýaly Anadolydaky doganlarynyň ýanyndaydygyny nygtady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Prezident Erdogana telefon edip İzmiriň Seferihisar etrabynda bolan ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi we ýer titremesi sebäpli kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.

Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Miçotakis hem Izmir bilen birlikde käbir grek adalarynda täsirli bolan we 2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýer titremesi sebäpli Prezident Erdogana telefon etdi.

Erdogan bilen Miçotakis telefon söhbetdeşliginde birek-birege duýgudaşlyk bildirdi we kömek bermäge taýardyklaryny nygtady.

Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Esedow bolsa Izmirdäki ýer titremesiniň yzy ýanyndan Wise-prezident Fuat Oktaýa telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

Fransiýanyň Içeri işler ministri Gerald Darmanin hem Egeý deňizinde we grek adalarynda bolan ýer titremesi sebäpli Türkiýä we Gresiýa duýgudaşlyk bildirdi.

Darmanin Twitterden beren habarnamasynda “Fransiýa, bu elhenç synagyň hötdesinden gelmek üçin türk we grek halklaryna goldaw berýär. Biz Türkiýe bilen Gresiýa kömek bermäge taýar” diýip belledi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel sosýal mediadan beren habarnamasynda Egeý deňizinde Gresiýanyň we Türkiýäniň suw giňişliginde bolan güýçli ýer titremesi bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Ýer titremesi sebäpli gynanç bildiren Mişel “ÝB ýardam bermäge taýar” diýip belledi.

AFAD sagat 14.51-de Egeý deňzinde Izmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä, 12 adam ýogaldy, 419 adam hem ýaralandy.

Izmiriň gubernatory Ýawuz Selim Köşger, harabalygyň aşagynda galan häzire çenli 70 adamyň halas edilendigini aýtdy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

 Ýer titremesi sebäpli Bornowa we Baýrakly etraplarynda käbir binalar ýykyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar