"Energetika pudagynda ýerli çeşmeleriň has köp ulanylmagyny maksat edinýäris"

Erdogan Frakiýada 3 milliard kub metrlik täze gaz giňişliginiň tapylandygyny belledi

1146615
"Energetika pudagynda ýerli çeşmeleriň has köp ulanylmagyny maksat edinýäris"

Prezident R. T. Erdogan Edirne şäheriniň Selimiýe meýdanynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Erdogan Frakiýada 3 milliard kub metrlik täze gaz giňişliginiň tapylandygyny belledi.

Çykyşynda energetika pudagynda ýerli çeşmeleriň ulanylmagyny artdyrmagy maksat edinýändiklerini aýdan Erdogan “2017-nji ýylda ýerli çeşmelerden elektrik togy önümçiligimiz 45 göterime barabardy, şol mukdary 60 göterime ýetirdik” diýdi.

Frakiýada häzirki tebigy gaz önümçiligini 2 esse artdyrjak 3 millard kub metrlik täze gaz giňişliginiň tapylandygyny aýdan Erdogan “Şol mukdar 300 müň hojalygyň 10 ýylyň dowamynda sarp edýän gazyna deň” diýdi

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar