Erdogan “10-njy dekabr Adam hukuklary güni” mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan, Nobel Edebiýat sylagynyň rasist bir şahsyýete berilmeginiň, adam hukuklarynyň düzgün bozmalarynyň sylaglandyrylmakdan başga bir düşündirişiniň ýokdygyny beýan etdi

1320951
Erdogan “10-njy dekabr Adam hukuklary güni” mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan “10-njy dekabr Adam hukuklary güni” mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmesinde global parahatçylyga we durnuklylyga wehim salýan meseleleriň iň başynda Yslama bolan ýigrenjiň gelýändigini aýdan Erdogan: “Bu meseläniň iň uly jogapkärleri, Yslama bolan ýigrençlerini bir enjam hökmünde ulanýan syýasatçylar, ýigrenç sözlerini söz azatlygy ady bilen ýönekeýleşdirýän media we häzirki gurluşlary bilen gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine çözgüt tapyp bilmeýän halkara guramalarydyr” diýip nygtady.

Erdogan Siriýadaky millionlarça adamyň perýadyny eýýäm 9 ýyl bäri eşitmezden gelýän halkara guramalaryň, bu sessizligi bilen iň uly zarbany Adam hukuklarynyň ähliumumy beýannamasynda bar bolan gymmatlyklara urýandygyny belledi.

Nobel Edebiýat sylagynyň rasist bir şahsyýete berilmegine nägilelik bildiren Erdogan: “10-njy dekabr Adam hukuklary gününde, Nobel Edebiýat sylagynyň Bosniýa-Gersegowinada başdan geçirilen genosidi inkär edýän we harby jenaýatçylaryň arkasyny tutan bir şahsyýete berilmegi, adam hukuklarynyň düzgün bozmalarynyň sylaglandyrylmakdan başga bir düşündirişi ýokdyr” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar