Erdogan bilen Putin Berlinde duşuşdy

Berlinde hüjümleriň bes edilmegi we syýasy etabyň başlamagy üçin möhüm kararyň kabul edilmegi möhüm

1343466
Erdogan bilen Putin Berlinde duşuşdy

 

Prezident Erdogan, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilýän Liwiýa konferensiýasynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Prezident R. T. Erdogan, Liwiýada parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Berlinde hüjümleriň bes edilmegi we syýasy etabyň başlamagy üçin möhüm kararyň kabul edilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Erdogan, “Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Feýiz Al Serrajyň hüjümleriň bes edilmegini kabul etmekleri üçin tagalla etdik. Geçiren gepleşiklerimiziň miwesini Berlinde alarys. Syýasy etabyň we çözgüdiň beýleki tapgyrlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin huntaçy Haftar hüjümlerinden ýüz öwürmeli”diýip belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem “Özara gatnaşyklarda iki tarap üçin esasy rol oýnaýan ugurlary kesgitlemegi öwrendik. Biz birnäçe meselede birlikde işleşýäris. Stambulda çaknyşýan taraplara hüjümlerini bes etmekleri üçin çagyryş berdik. Liwiýaly taraplaryň Moskwa gelmekleri diýseň möhümdi. Duşuşyk üçin daşary işler ministrlerine sagbolsun aýdýarys. Bilelikdäki jarnamany taraplardan biri kabul etmesede bu uly üstünlik” diýdi.

 

                                                                              

 

 

 

 



Degişli Habarlar