Erdogan BMG-niň Sessiýana gatnaşmak üçin ABŞ-na gider

Prezident R.T.Erdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ertir ABŞ-na gider

1273410
Erdogan BMG-niň Sessiýana gatnaşmak üçin ABŞ-na gider

Erdogan saparynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyp, ABŞ bilen Siriýanyň demirgazygyndaky howpsyzlyk zolagyň döredilmegi boýunça ýetilen sepgit barada pikir alyşar.

Prezident Erdogan Trampa Türkiýäniň “howpsyz zolak” meselesindäki egilşiksiz pozisiýasyny ýene-de bir gezek gürrüň berip, edilmeli başlangyçlary ýatladar.

Erdogan BMG-niň Baş Assambleýasynda bolsa dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenip, howpsyz zolagyň siriýaly bosgunlaryň yzyna dolanmagy üçin möhümdigini beýan eder.

R.T.Erdoganyň Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Angele Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar