Erdogan düýn koronawirus bilen bagly maslahata wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan düýn Ylmy Geňeş tarapyndan koronawirus bilen baglanşykly geçirilen maslahata wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy

1385738
Erdogan düýn koronawirus bilen bagly maslahata wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojadan we Milli Bilim ministri Ziýa Selçukdan maglumat alan Erdogan, maslahatda Kovid-19-a garşy göreş alyp barýan we çäreler görýän Ylmy geňeşiň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. 

Türkiýäniň bu epidemiýa garşy wagtynda çäreler görmeginde we etabyň geriminiň pes derejede bolmagynda Ylmy Geňeşiň eden işleriniň we beren maslahatlarynyň rolunyň uludygyny aýdan Erdogan: "Milletimiz bu wirusa garşy ýerine ýetirilen öňüni alyş çäreleri düşünjelilik bilen kabul etdi we ýerine ýetirdi. Jemgyýetimiziň häzirki wagta çenli howpyň ululygyna akyl ýetirmedikler bar hem bolsa, umuman alynanda milletimiziň duýgurlygyndan hoşaldyrys. Meseläniň ululygyna göz ýetirmedikler bar hem bolsa, olaryň hem siziň ynandyrmagyňyz we maslahatlaryňyz bilen iň gysga wagtda dogryny görjekdiklerine ynanýaryn" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan, görülen çäreler bilen milletiň saglygy bilen birlikde zerur bolan zatlarynyň üpjün edilmegine çenli aralykdaky ähli mesleleriň çözüwi üçin tagalla edýändiklerini belläp: "Türkiýe Respublikasy, ähli mümkinçilikleri bilen 83 million raýatynyň her biriniň ýanyndadyr. Şol bir wagtda daşary ýurtda ýaşaýan raýatlarymyz bilen ilçihanalarymyzyň we konsullyklarymyzyň üsti bilen aragatnaşyk içindediris. Ýurda gaýdyp gelmek isleýän raýatlarymyza, talyplar başda bolmak şerti bilen gerek bolan kömegi üpjün edýäris" diýip belledi. 

Maslahata Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem gatnaşdy. 


Etiketkalar: #maslahat , #Erdogan

Degişli Habarlar