Erdogan: “Ençeme ugur boýunça alan netijelerimiz, uly üstünlikdir”

Erdogan, soňky birnäçe ýyl bäri Siriýada, Yrakda, Gündogar Ortaýer deňizinde, bosgun meselesinde we beýleki ençeme ugurda alynan netijeleriň, uly üstünlikdigini beýan etdi

1309575
Erdogan: “Ençeme ugur boýunça alan netijelerimiz, uly üstünlikdir”

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň baş merkezinde Welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda, Türkiýäniň howpsyzlykdan ykdysadyýete çenli ençeme front boýunça, şol bir wagtyň özünde durnuklylyk göreşini alyp barýan bir zamanasyny başyndan geçirýändigini aýdan Erdogan: “Biziň daşarydan gelýän howplaryň hötdesinden gelmek bilen bagly hiç hili kynçylygymyz ýok. Hem meýdanda, hem stoluň başynda, ýurdumyzyň we milletimiziň gelejegi üçin howp emele getirýän islendik göçümi ortadan aýyrýarys. Terrorçylary öňlerine sürýärler, mynjyradyp geçýäris. Serhetlerimize hüjüm guraýarlar, howplaryň gözbaşyny tapýarys. Ykdysadyýetimize hüjüm edýärler, gysga wagtda dikelip, ýolumyza dowam edýäris” diýip nygtady.

Erdogan, soňky birnäçe ýyl bäri Siriýada, Yrakda, Gündogar Ortaýer deňizinde, bosgun meselesinde we beýleki ençeme ugurda alynan netijeleriň, uly üstünlikdigini aýan etdi.

Erdogan: “Bu meseleleriň üsti bilen Türkiýäni dyza çökdürmegi meýilleşdirýänler, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň öňünde haýranlyklaryny hem gizläp durmaýarlar. Ýurdumyza we milletimize duşmançylyk edýänleri geň galdyrmak biz üçin uly buýsançdyr” diýip nygtady.

Alynyp barylýan göreşde iň uly güýjiň we ylham çeşmesiniň milletiň goldawydygyny aýdan Erdogan, ýurdyň içinde we daşary ýurtda, barylýan ähli ýerlerde gabat gelinýän ýürekden söýgi siliniň, munyň iň uly subutnamasydygyny belledi.

Halklara Pul gaznasy (IMF) bilen gatnaşyklarynyň bolmandygyny aýdan Erdogan: “Halklara Pul gaznasy bilen bagly depderimizi ýapdyk. Biziň häzirki wagtda Halklara Pul gaznasy bilen işimiz ýok. Biz özümize ýetýäris” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar