Erdogan G20-ä agza ýurtlaryň liderleriniň nobatdan daşary maslahatynda çykyş etdi

Prezident Erdogan, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasynyň herkime dinleriň, dilleriň, ýurtlaryň tapawutly bolmagyna garamazdan ähli adamlaryň ykbalynyň biridigi baradaky hakykaty ýatladandygyny belledi

1385835
Erdogan G20-ä agza ýurtlaryň liderleriniň nobatdan daşary maslahatynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, düýn wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşan G20-ä agza ýurtlaryň nobatdan daşary maslahatynda eden çykyşynda, epidemiýada ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirip, pidakärlik bilen iş alyp barýan saglygy goraýyş guramalaryň ähli işgärlerine bolsa minnetdarlyk bildirdi. 

Türkiýäniň iň başyndan başlap ýagdaýy ýakyndan gözegçilik edendigini we gerek bolan çäreleri görendigini aýdan Erdogan: "Dost we doganlyk ýurtlary hem bu kyn günde ýalňyz goýmazlyk üçin elimizden gelýän tagallany edýäris. Bu epidemiýanyň ählimize dinlerimiz, dillerimiz, ýurtlarymyz tapawutly bolmagyna garamazdan ähli adamlaryň ykbalynyň birdigi baradaky hakykaty ýatlatdy. Hiçimiziň konserwatiw we birtaraplaýyn syýasat alyp barmak mümkinçiligimiz ýokdyr. Erkin, açyk we kada-düzgüne esaslanýan halkara söwda ulgamy, epidemiýa bilen baglanşykly gören çärelerimiziň täsirini azaltmakda uly rol oýnar. Şol çäkde görjek ähli milli çärelerimiziň Bütindünýä Söwda guramasynyň şertlerine laýyk bolmagy we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmegi möhümdir" diýip belledi. 

Erdogan, epidemiýanyň gözegçiligi bilen keseliň anyklanyşy we bejergisi babatyndaky tejribeleriň hem paýlaşylmagynyň gerekdigini belläp, koronawirus epidemiýasynyň G20-niň hyzmatdaşlyk we ylalaşdyryjy ruhunyň wajypdygyny ýene-de bir gezek orta goýandygyny nygtap geçdi.  

Prezident Erdogan, epidemiýa garşy göreşde ösen ençeme ýurdyň hem örän uly kynçylyklar çekendigini belläp, çaknyşyklardan we söweşlerden paýyny alan ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlarynyň bolsa dolulygyna çökendigini habar berdi. 

Siriýaly bosgunlar başda bolmak bilen ýerlerinden zor bilen göçürilen adamlaryň epidemiýanyň öňünde iň amatsyz ýagdaýdadygyny aýdan Erdogan: "Şonuň bilen bir hatarda men hem ösüp barýan ýurtlara we esasan hem Afrika kömek berilmek baradaky meselä aýratyn ähmiýet berýändigimi aýtmak isleýärin. Ählimize howp salýan bu wirusyň şol bir wagtda bize, adamzadyň umumy bir duşmanyna garşy bir ýere jemlenmek mümkinçiligini berendigini bellemek isleýärin. Bu betbagtçylyga garşy Türkiýe hökmünde hemişe bolşy ýaly jebislik we hyzmatdaşlyk içinde hereket etmäge taýardyrys" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #çykyş , #maslahat , #G20 , #Erdogan

Degişli Habarlar