Erdogan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşar
G20 Liderler maslahaty Türkiýäniň wagty bilen sagat 15:00-da başlar
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, gün tertibiniň ileri tutulýan ugry koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy boljak G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşar.
Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň wagty bilen sagat 15:00-da başlajak maslahata Erdogan, Stambuldaky Huber köşgünden gatnaşar.
Maslahata Prezident Erdogana, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn we Türkiýäniň G20-däki wekili Haýrettin Demirjan ýoldaşlyk eder.
Degişli Habarlar
8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar
Ynsanperwer kömek gämisi bilen Gazanyň halkyna 2 müň 960 tonnalyk azyk kömegi ugradylýar.