Erdogan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşdy

Prezident Erdogan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna, Stambuldaky Huber köşgünden gatnaşdy

1385719
Erdogan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşdy
erdogan g20 video konferans1.jpg
erdogan g20 video konferans.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, gün tertibiniň ileri tutulýan ugry koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy bolan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Prezident Erdogan G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna, Stambuldaky Huber köşgünden gatnaşdy. 

2 sagat 15 minut dowam eden maslahatda kabul edilen kararlar şu aşakdakylar: 

- Mätäçlik çekýän ähli ýurtlara kömek beriler we jemgyýetiň saglygy we maliýe meselesi boýunça görülýän çäreler babatynda koordinasiýa üpjün ediler. 

- Epidemiýany gözegçilik astyna almak üçin ähli saglygy goraýyş çäreleri görüler we finans çeşmesi gözlener.

-G20-ä agza ýurtlar epidemiýanyň hötdesinden gelmek üçin näme gerek bolsa eder.

Maslahata Prezident Erdogana, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn we Türkiýäniň G20-däki wekili Haýrettin Demirjan ýoldaşlyk etdi. 

G20 Liderler maslahatynyň nobatdan daşary maslahatyna Türkiýe bilen birlikde Germaniýa, ABŞ, Argentina, Braziliýa, Hytaý, Indoneziýa, Fransiýa, Günorta Afrika, Günorta Koreýa, Hindistan, Britaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Kanada, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany ýaly ýurtlaryň liderleri we ÝB Komissiýasy gatnaşdy. 



Degişli Habarlar