Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan: "Gresiýa, Ysraýyl, Müsür we Kipryň Grek bölegi biz rugsat bermeden Ortaýer deňiziniň gündogarynda ädim edip bilmez" diýip belledi

1320443
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Prezident Erdogan, TRT-nyň umumy ýaýlymynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Erdogan Ortaýer deňiziniň gündogarynda Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyk bilen Türkiýäniň halkara hukukdan gözbaş alýan hukuklaryny ulanýandygyny belläp: "Şeýlelik bilen Gresiýanyň eli-goly daňyldy, akylyny ýitirdi" diýip habar berdi. 

"Ortaýer deňiziniň gündogarynda şu güne çenli urdylar, aldylar. Mundan soň beýle bolmaz, mundan beýläk biz hem öz hukuklarymyza eýe çykarys" diýen Erdogan: "Ýene-de bir buraw gämisini alarys. Diňe Ortaýer deňizinde däl, Gara deňizde hem halkara suw giňişliginde bu işlerimizi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan goňşy ýurtlaryň ählisi bilen gepleşiklere taýardyklaryny, çözgüt bile bagly çagyryşlaryň dowam edýändigini aýan etdi. 

Metbugat işgäriniň "Liwiýa türk esgerler gidermi?" soragyna bolsa Prezident Erdogan: "Liwiýa islese Türkiýe munyň kararyny özi berer, hiç kimden rugsat almaz" diýip jogap berdi. 

 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Liwiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar