Erdogan Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1833109
Erdogan Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklarynyň ýany bilen Ukraina-Russiýa söweşi we Şwesiýa bilen Finlanbdiýanyň NATO agzalyk ýüztutmasy ýaly sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri söweşýän Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda gysga möhletde adalatly ýaraşygyň gazanylmagyny arzuw edýändiklerini, şoňa laýyklykda iki ýrudy dialog hem-de diplomatiýa ýoluny saýlap almaga höweslendirmäge dowam edýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Şwesiýanyň we Finlandiýanyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä garaşly adamlaryň hem-de gurama diýilýän toparlanşyklar bilen gatnaşygynyň NATO-nyň ýaranlarynyň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini hem beýan etdi.



Degişli Habarlar