Erdogan: “Manbijden Yraga çenli bolan sebiti howpsyz ýagdaýa getireris” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Siriýanyň Manbij sebitinden Yraga çenli bolan aralygy howpsyz ýagdaýa getirjekdiklerini aýan etdi

1288403
Erdogan: “Manbijden Yraga çenli bolan sebiti howpsyz ýagdaýa getireris” diýdi

Erdogan, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Türk Geňeşiniň 7-nji maslahatyna gatnaşdy.

Erdogan çykyşynda 9-njy oktýabrda Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy başladylan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň üstünde durup geçdi.

Şu gün irdene çenli takmynan 1 müň ind kilometrlik ýeri ekstremist terror guramasyndan arassalandyklaryny aýdan Erdogan: “Siriýanyň demirgazygyny parahatçylyk çeşmeleriniň ýaňadandan al-ýaşyl bolýança, maksadymyza ýetýänçäk çenli göreşimizi dowam etdireris” diýip habar berdi.

Prezident Erdogan: “Gysga wagtyň içinde Manbijden Yrak serhedine çenli bolan aralygy howpsyz ýagdaýa getirip, ilkinji etapda 1 million, ondan soň bolsa 2 million siriýaly bosguny öýlerine öz islegleri bilen gaýdyp barmagyny üpjün ederis” diýip aýan etdi.

Çykyşynda Ermenistanyň gözegçiligi astynda bolan Ýokary Karabag meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Ýokary Karabag meselesiniň iň gysga wagtda parahatçylykly ýollar bilen we Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň esasynda çözülmegi üçin elimizden gelenini ederis” diýip nygtady.



Degişli Habarlar