Erdogan PKK-nyň elinden halas bolan Jafer Jeýlanyň maşgalasy bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň elinden halas bolan Jafer Jeýlanyň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1320818
Erdogan PKK-nyň elinden halas bolan Jafer Jeýlanyň maşgalasy bilen söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan, 2000-nji ýylda dogulan we 2015-nji ýylda terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan Jafer Jeýlanyň ejesi Hatije Jeýlan we kakasy Abdülkadir Jeýlan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Erdogan, Diýarbakyrdaky eneleriň, daga alynyp gidilen çagalary üçin Halklaryň Demokratik Partiýasynyň welaýat müdürliginiň binasynyň öňünde geçen protestlere gatnaşan Hatije Jeýlana gynanç bildirdi.

Erdogan Jeýlanlaryň maşgalasyna bagtyýarlyk diledi. Jeýlanlaryň maşgalasy hem öz gezginde Prezident Erdogana we howpsyzlyk güýçlerine minnetdarlyk bildirip, terror guramasy tarapyndan zamun alynan beýleki çagalaryň hem iň gysga wagtda öz maşgalalaryna gaýdyp gelmekleri üçin doga etdi.

PKK-a we oňa goldaw berýänlere nägilelik bildiren Hatije Jeýlan: “Men kürt, ýoldaşym hem kürt. Öz öýümizde indi bagtyýar ýagdaýda ýaşaýarys. Hiç kime bize häzirki wagta çenli hiç zat diýmedi. Meniň oglumyň gidenine 4 ýyl bolupdy. Alla ähli maşgalalaryň çagalarynyň yzyna gaýdyp gelmeklerini nesip etsin. Şonça esger, polis işgäri öldi näme sebäpli? Bu ýerde kürt, türk meselesi ýok. Diňe öz wezipesi üçin ýaşlary öldürdýänler bar” diýip belledi.

Terror guramasy PKK-nyň elinden halas bolan Jafer Jeýlan, Diýarbakyryň merkezi Kaýapynar etrabynda 4 ýyl ozal 15 ýaşynda mahaly terror guramasy tarapyndan alynyp gaçylypdy.

Terror guramasy tarapyndan zamuna alynan ogly Jafer Jeýlan üçin Halklaryň Demokratik Partiýasynyň welaýat müdürliginiň binasynyň öňüne gelen ejesi Hatije Jeýlan 8-nji oktýabrda protestlere gatnaşmaga başlapdy.  

Ejesiniň protestlere gatnaşýandygyny eşiden Jafer, maşgalasyna gowuşmak üçin terror guramasyndan gaçypdy.


Etiketkalar: #maşgala , #PKK , #Erdogan

Degişli Habarlar