Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy

Prezident Erdogan, Yslam ýurtlaryna Albaniýada başdan geçirilen ýer titremesinde ýaralaryň gysga wagtda bejerilmegi üçin çagyryş berdi

1319682
Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Stambulda geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýokary derejeli Döwlet we hususy pudak maýa goýum konferensiýasynda eden çykyşynda, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ilatynyň 21 göteriminiň, ýagny 350 million adamyň aşa garyplyk içinde ýaşaýandygyna ünsleri çekip: "Iň baý Yslam ýurdy bilen iň garyp ýurdyň arasyndaky girdeji tapawudy 200 esseden gowrak. Musulmanlar zekat berse Yslam ýurtlarynda garyp adam galmaz" diýip belledi. 

Türkiýäniň ykdsadyýetiniň makro görkezijileriniň we esaslarynyň örän güýçlüdigini we berkdigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň global söwda söweşlerine we maliýe bazarlardaky tolkunlarynyň täsirlerine iň taýarlykly ýurtlaryň başynda gelýändigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan, sebitleýin hadysalaryň çäginde käbir ýurtlar bilen başdan geçirilýän dartgynlyklaryň söwda hyzmatdaşlygyna ýaramaz täsir ýetirmezligi üçin duýgurlyk görkezýändiklerini habar berdi. 

Yslam ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň we bagtyýarlyk derejesiniň artdyrylmagy üçin gerek bolan maddy we taryhy şertleriň örän oňaýlydygyny aýdan Prezident Erdogan: "Sizden doganlyk Albaniýanyň ýaralarynyň gysga wagtda bejerilmegi üçin eliňizden gelýän mümkinçilikler bilen goldaw bermegiňizi haýyş edýärin" diýip belledi. 

 


Etiketkalar: #ykdysadyýet , #Erdogan

Degişli Habarlar