Erdogan: “Ysraýylyň gödekligi käbir Arap ýurtlary tarapyndan goldanýar”

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýylyň gödekliginiň käbir Arap ýurtlary tarapyndan goldanýandygyny aýan etdi

1320196
Erdogan: “Ysraýylyň gödekligi käbir Arap ýurtlary tarapyndan goldanýar”

Prezident Erdogan, Stambulda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Sosial üpjünçilik ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda, biri-birinden tapawutly sebäpler bilen gyra çekilen Yslam ýurtlarynyň, mümkinçiliklerini we energiýalaryny boş ýere sarp edýändiklerini, Türkiýäniň Iýerusalimdäki we Palestinadaky zulum meselesinde ýeke galandygyny aýdan Erdogan, Ysraýylyň gödekliginiň Günbatar ýurtlary we käbir Arap ýurtlary tarapyndan goldanýandygyny beýan etdi.

Imperialistleriň Yslam ýurtlaryny böl, kes, ýok et düşünjesiniň dowam edýändigine ünsleri çeken Erdogan: “Günbatardan gözbaş alýan hemlelere garşy, zenanlara, garrylara, maýyplara nähili derejede eýe çykýan bolsak, maşgala gurluşymyzy hem şol derejede goradygymyz bolýar. Aragatnaşyk enjamlarynyň Günbatardan gözbaş alýan düzümleriniň ýaýbaňlanmaga başlamagy bilen ýüze çykýan eroziýa garşy taýarlykly bolmalydyrys. Serhetlerimizi goraýan mahalymyz, aň-düşünjämiziň zamun alynmagyna sebäp döretjek islendik boşlugy, islendik ýarygy iň tiz wagtda doldurmalydyrys” diýip belledi.

Türkiýedäkiler bilen birlikde sebitdäki 9 million adama ýeten bosgun ýüküni hiç kimiň öz egnine almaga batyrgaýlyk görkezip bilmeýändigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň täze ýaşaýyş ýerleri taslamasyna beýleki ýurtlaryň wagty bilen goldaw bermäge başlajakdygyny habar berdi.

Çykyşynda Yslam bilen terroryň bir ýerde ulanylmagy üçin tagalla edýän Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona nägilelik bildiren Erdogan, Yslam sözüniň manysynyň parahatçylykdygyny ýatladyp geçdi.

Fransiýada geçirilýän protestleriň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Parižde Sary ýeňsizliler çykdy, hany çöz göreli, duruz göreli. Näme üçin duruzyp bileňok?” diýip nygtady.



Degişli Habarlar