Fahrettin Altun "Halkara Ortaýer deňizi" atly konferensiýanyň açylyşynda çykyş etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýäniň hemişe diplomatiýanyň tarapdary bolandygyny habar berdi

1496716
Fahrettin Altun "Halkara Ortaýer deňizi" atly konferensiýanyň açylyşynda çykyş etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanatda, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki adalatlylyk we hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilen onuň halkara ulgama ýetirýän täsirleriniň ara alynyp maslahatlaşylan "Halkara Ortaýer deňizi" atly konferensiýa geçirildi. 

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň açylyş çykyşyny ýerine ýetiren Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, käbir kolonial güýçleriň, Gündogar Ortaýer deňizini täze imperiýalarynyň dogan ýeri hökmünde görýändiklerini belläp: "Başgalar bolsa bu ýeri nobatdaky global çaknyşygyň nokady hökmünde häsýetlendirýär. Gündogar Ortaýer deňizi, Türkiýe üçin bolsa Mawy Watanymyzyň bir bölegini emele getirýär" diýip nygtady. 

Türkiýäniň soňky aýlarda dünýä anyk ýüzlenmeler berendigini aýdan Altun: "Halkara hukugyň biziň tarapymyzdadygyny bilýäris. Sesi gaty çykýanyň aýdýanlarynyň hemişe dogry bolmandygyny gowy bilýäris. Ine şol sebäpli Türkiýe, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde hemişe diplomatiýanyň tarapdary boldy" diýip habar berdi. 

Fahrettin Altun, Erdoganyň tutanýerliligi we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň goldawlary bilen dialogyň we diplomatiýanyň açylandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar