Fahrettin Altun TRT World Forumda çykyş etdi

Fahrettin Altun, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini we onuň ugrunda tagalla edýändigini habar berdi

1537595
Fahrettin Altun TRT World Forumda çykyş etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy TRT World Forum 2020-niň açylyşynda eden çykyşynda, Türkiýe hökmünde täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň hötdesinden gelmek we has gowy bir gelejek gurmak üçin bilelikde işleşmegiň güýjüne ynanýandyklaryny belläp: "Emma halkara hyzmatdaşlygy diňe deňligiň, ikitaraplaýyn bähbitleriň we umumy gymmatlyklaryň esasynda özgerdip bolar" diýip mälim etdi. 

Çykyşynyň esasy bölegini, ÝB-Türkiýe gatnaşyklary we Ýewropada barha artýan musulman duşmançylygyna bölüp aýyran Fahrettin Altun: "Ähli ugurlar boýunça nusga bir azlyk bolan Ýewropadaky türk jemgyýeti hem diskriminasiýa sezewar galýar. Hatda bu ýagdaý Kovid-19 sanjymynyň, Özlem Türeji we Ugur Şahin tarapyndan oýlanyp tapylmagyna garamazdan üýtgemedi. Her kimiň gowulygy üçin esasan hem Ýewropaly dostlarymyzy, taryh gaýtalanmadan ozal bosgunlara we musulmanlara bolan erbet düşünjäniň öňüni almaga çagyrýarys" diýip beýan etdi. 

Türkiýäniň ÝB bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini we onuň ugrunda tagalla edýändigini aýdan Altun: "Umumy jebisligimiz we hyzmatdaşlygymyz, Ýewropadaky ýigrenç we diskriminasiýa garşy böwet bolmak taýdan möhümdir. Bileleşigiň dünýädäki musulmanlar bilen hiç hili meselesiniň bolmandygyny subut etmeginiň ýeke täk ýoly, Türkiýä hormat goýmalydyr. Çünki dostlugyň, ikiýüzlilik we ýokardan garamak bilen bir ýerde bolmajakdygy mälimdir" diýip nygtady. 

Gelejekde başdan geçirilip bilinjek tragediýalaryň öňüniň alynmagy üçin iň möhüm meseläniň hakykatlara ser salmakdygyny bellän Altun, TRT World bilen birlikde, TRT Arapça, Rusça we Nemesçe kanallarynyň, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlary tomaşaçylaryna ýetirýändigini, sessizleriň sesi bolmak üçin žurnalistikada aýratyn bir dil bolmagy başarandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar