Fahretttin Altun koronawirus bilen baglanşykly beýanat berdi

Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan iňlis dilinde beýanat berdi

1386686
Fahretttin Altun koronawirus bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommuniasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen görülen täze çäreleriň umumy goranyşy hem güýçlendirjekdigini habar berdi. 

Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň koronawirusa garşy görülen täze öňüni alyş çäreler bilen bagly beýanat berendigini ýatlatdy. 

"Bu howp başlanyndan bäri örän täsirli öňüni alyş çärelerni gördük we şu gün alynan goşmaça çäreler bolsa goranyşymyzy has hem güýçlendirer" diýen Altun, şu günki gün görülen öňüni alyş çäreleriň arasynda köpçülikleýin transport, erkin iş sagatlary, boş wagtlar edip boljak işler ýaly ençeme çäräniň bardygyny belledi. 

Altun görülen öňüni alyş çäreleriň çäginde zerur bolmadygy saýyn şäherleriň arasyndaky syýahata gadagançylyk girizilendigini, şäherleriň arasynda syýahat etmek üçin gubernatorlykdan rugsat alynmalydygyny habar berdi. 

Döwlet edaralary bilen birlikde indi bolsa hususy pudakda hem işgärleriň erkin ýagdaýda işledilmek tapgyryna geçiljedikgini aýdan Altun: "Köpçülikleýin transportlarda sosial araçägiň goralmagyny mejbury ýagdaýa getirdik.Şonuň bilen birlikde dynç alyş ýerleri, tokaýlar we seýilgähler hepdäniň ahyrynda ýapyk bolar. Hepdäniň içinde bolsa bu ýerlere adamlaryň üýşmegine rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Altun: "Halkara syýahaty birnäçe gün ozal dünýäniň birnäçe nokady bilen çäklendiripdik. Şu günden başlap bolsa ähli halkara uçar saparlaryny bes etdik. Ähli bu öňüni alyş çäreleri ýurdyň 30 uly şäherinde doly ýagdýada durmuşa geçireris" diýdi.  

Altun: "Prezidentimiz ähli raýatlarymyzdan bu çärelere gulak asmaklaryny we özlerini öýlerinde karantin astyna saklamaklaryny isledi. Halkymyzyň bolsa bulary sabyr we üns bilen ýerine ýetirmegine garaşýarys. Bu bolsa ozal gabat gelmedigimiz bu howpyň hötdesinden gelmegimizi ýeňilleşdirer" diýip beledi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #Fahrettin Altun

Degişli Habarlar