Fatih buraw gämisi Trabzona bardy

Ustaogly Fatih buraw gämisiniň 15 günüň içinde gözleg işlerine başlajakdygyny beýan etdi

1427349
Fatih buraw gämisi Trabzona bardy

Stambul şäherinden Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen ugradylan Fatih buraw gämisi Trabzona baryp ýetdi. 

Gara deňizde buraw işlerini geçirmek maksady bilen Stambulyň zabt edilmeginiň 567-nji ýylynyň bellenilip geçilen güni bolan 29-njy maýda ýola çykan Fatih gämisini, Trabzonda gubernator Ismail Ustaogly, şäher häkimi Murat Zorluogly, Içeri işler müdüri Metin Alper, Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň Gündogar Gara deňiz toparynyň serkerdesi Murat Sezgin we beýleki adamlar garşyladylar. 

Metbugat işgärlerine beýanat beren Ustaogly, Gara deňizde gözleg işlerini ýetirjek Fatih gämisiniň bölekleriniň dakyljakdygyny habar berdi. 

Ustaogly Fatih buraw gämisiniň 15 günüň içinde gözleg işlerine başlajakdygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Trabzon , #buraw gämisi , #Fatih

Degişli Habarlar