“FETÖ garşy göreşimizi dünýäniň her ýerinde tutanýerlilik bilen dowam etdireris”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, FETÖ garşy göreşlerini dünýäniň her ýerinde tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdiklerini beýan etdi

1146890
“FETÖ garşy göreşimizi dünýäniň her ýerinde tutanýerlilik bilen dowam etdireris”

Stambulyň şäher häkimligi tarapyndan başladylan “Hiç ýapylmaýan kitaphana” taslamasynyň çäginde, Kitaphanalar we Muzeýler edarasyna degişli Kartal mugallym Jewdet kitaphanasynyň Stambulyň halkyna günüň 24 sagady hyzmat bermäge başlamagy bilen bagly geçirilen çärä gatnaşdy.

Çärä gatnaşan Ibrahim Kalyn, ol ýerde metbugat işgärlerine beren beýanatynda FETÖ garşy göreşde tutanýerlidiklerini habar berdi.

Kalyn: “Dünýäniň niresinde bolsa bolsunlar, göreşimiz guramanyň agzalarynyň iň ýokary wezipesindäkiden iň aşakgy wezipesine çenli tutanýerlilik bilen dowam eder” diýdi.

Kalyn: “Şu güne çenli dünýäniň ençeme ýurdunda uly işler ýerine ýetirdik. Dost we hyzmatdaş ýurtlar bu FETÖ terror guramasynyň diňe Türkiýä däl, eýsem öz ýurtlaryna hem uly bir howp emele getirýändigini göz ýetirmäge başladylar. 20-ä golaý ýurtda FETÖ mekdepleri ýapyldy ýa-da Türk Magaryf gaznasynyň garamagyna berildi” diýip belledi.


Etiketkalar: #Ibrahim Kalyn , #FETÖ , #göreş

Degişli Habarlar