Goranmak ministri Hulusi Akar F-35-ler bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň F-35 kysymly uçarlaryň müşderisi dälde, önümçilik hyzmatdaşydygyny belledi

1320132
Goranmak ministri Hulusi Akar F-35-ler bilen bagly beýanat berdi

Hulusi Akar, Anadoly habarlar agentligine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

Hulusi Akar, F-35 meselesi boýunça beren beýanatynda, bu babatda öz üstlerine düşýän wezipäni ýerine ýetirendiklerini we häzirki wagta çenli 1,4 milliard dollar töländiklerini habar berdi.

Türkiýäniň Russiýada S-400 howa goranyş ulgamlaryny almagy bilen ABŞ-nyň F-35-ler babatynda Türkiýä kynçylyk döredýändigini aýdan Hulusi Akar, munyň ýaramaz bir hereketdigini aýdandyklaryny beýan etdi.

S-400-leriň F-35 uçarlaryna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada ABŞ-nyň aladalarynyň ýerliksizdigini aýdan Akar: “Norwegiýada hem S-400-ler bar we uçýan uçarlar hem bar. Olara täsir ýetirmeýär” diýip aýan etdi.  

Hulusi Akar, beýleki tarapdan S-400-leriň gurnama etabynyň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigini mälim etdi.

F-35-ler babatynda ABŞ-a arman-ýadaman beýan etmäge synanyşýandyklaryny aýdan Akar: “Eger bu mümkin bolmasa, tebigy ýagdaýda gözlege çykjakdygymyzy olara aýtdyk. F-35-leriň önümçilik etabyna hem goşant goşýarys. Bir müňden gowrak bölegi Türkiýede öndürilýär. Meseläni çözmäge synanyşarys. Bu meseläniň çözüljekdigine ynanýarys” diýip habar berdi.

F-35-ler bilen bagly gepleşikleriň dowam edýändigini we öňümizdäki günlerde bu gepleşikleriň has hem artjakdygyny aýdan Akar, ABŞ-de Prezident saýlaw etabynyň dowam edýändigini, tehniki ýagdaýda Türkiýäniňki dogrudygyny belledi.

Akar, Türkiýäniň mundan tapawutly howa goranyş ulgamlaryny hem satyn alyp biljekdigini aýdanlarynyň üstüne goşdy.


Etiketkalar: #S-400 , #F-35 , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar