“Gynansakda daşary ýurtlarda koronawirus sebäpli 98 raýatymyzy ýitirdik"
Mewlüt Çawuşogly telefon arkaly TRT Haber kanalyna beýanat berdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan 98 türk raýatynyň ýogalandygyny aýtdy.
Mewlüt Çawuşogly telefon arkaly TRT Haber kanalyna beýanat berdi.
Çawuşoglu “Gynansakda daşary ýurtlarda koronawirus sebäpli 98 raýatymyzy ýitirdik. Yzy ýarasyn” diýdi.
50-den gowrak ýurtdan 20 müňden gowrak türk raýatyny ýurda getirendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşoglu “Häzirki wagtda daşary ýurtlarda 10 müňe golaý türk raýatymyz bar. Karantina şertlerini göz öňünde tutup raýatlarymyzy geljekde hem getirmäge dowam ederis. Getirip bilmediklerimize hem goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar