Hakkari welaýatynda iki esger şehit boldy

Hakkari welaýatynda terrorçylaryň guran hyýanatçylykly hüjüminde 2 esger şehit boldy

1426407
Hakkari welaýatynda iki esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda gözegçilik işlerini ýerine ýetirýän howpsyzlyk güýçleriniň nyşana alynyp guralan hyýanatçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy, 1 esger bolsa ýaralandy. 

Diýarbakyr welaýatynda bolsa dur duýduryşyna gulak asmadyk şahsyýeti entek anyklanmadyk bir adamyň guran ýaragly hüjüminde agyr ýaralanan polisiýa işgäri Atakan Arslan, ýatyrylan hassahanasynda şehit boldy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan şehit bolan howpsyzlyk güýçleri sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Erdogan şehit bolan howpsyzlyk güýçlerine Alladan rehnet diledi, maşgalalaryna bolsa gynanç bildirdi. 

Şehit bolan howpsyzlyk güýçleri üçin Wise-prezident Fuat Oktaý, Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem gynanç bildirdiler. 



Degişli Habarlar